9-njy iýulda BMG-nyň Aşgabatdaky binasynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy we demografik statistika (CRVS) ulgamynda sanlylaşdyrmany ösdürmäge bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Ähmiýetli çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen 2026-njy ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamanyň çäklerinde guraldy. Bu barada «UNFPA-nyň» metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň maksady sebit derejesindäki ösüşleri, «CRVS-i» ösdürmekde dürli ýurtlaryň tejribelerini, şeýle hem demografik hasabatlylyk ulgamyna sanly çözgütleri girizmek arkaly maglumatlary netijeli alyşmak üçin pudagara hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Maslahata Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň hem-de Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem, «UNFPA-nyň» Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebit edarasynyň ilat we maglumatlar boýunça bilermenleri duşuşyga onlaýn tertibinde goşuldylar.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar «CRVS» ulgamynda sanlylaşdyrmany ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleri seljerdiler, saglygy goraýyş, RÝNÝ, statistika we içeri işler düzümleriniň arasynda maglumat alyşmagy utgaşdyrmakda ministrlikleriň we edaralaryň orunlaryny deslapdan kesgitlemäge aýratyn üns berdiler, şeýle hem sanly ilat reýestrini ösdürmek boýunça geljekki bilelikdäki ädimler boýunça ylalaşdylar.
