Aşgabatda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

MilliInfo
Aşgabatda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

29-njy iýulda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa edarasynyň başlygynyň orunbasary Ramazan Seçilmiş bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky  syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ösdürilmegi dowam etdirilýän doganlyk gatnaşyklary bellediler. Ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň esasy ugurlary bolup durýandygy nygtaldy.

Taraplar hyzmatdaşlygyň, hususan-da, migrasiýa babatynda şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, degişli resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar bu ugur boýunça işjeň özara gatnaşyklary  we tejribe alyşmalary dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info