Sürüjileriň dykgatyna: Aşgabadyň Galkynyş köçesinde awgust aýynyň ahyryna çenli ulag hereketi çäklendiriler

MilliInfo

6 Awgust, 2025

6 — 31-nji awgust aralygynda Galkynyş (ozalky Atabaýew) köçesiniň, Nurmuhammet Andalyp (ozalky Mir) şaýoly bilen Alty Garlyýew (ozalky Surikow) köçesiniň aralygynda ulag hereketi çäklendirilýär. Munuň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çarelere degişli taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri bilen baglydygyny bellemek gerek. Bu barada Aşgabat şäher häkimligi habar berdi.

Işler täze ýol örtüklerini düşemekden, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň häkimligi sürüjilere hereket meýilnamalaryny düzenlerinde bu maglumaty göz öňünde tutmagy we şäheriň görkezilen böleginden geçmek üçin başga ýollary ulanmagy maslahat berýär.​​​​​​​​​​​​​​​​

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo