Aşgabatda Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Myradalyýewiň şahsy sergisi açylar

MilliInfo

3 sagat öň

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi paýtagtymyzyň ýaşajylaryny we myhmanlaryny Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Myradalyýewiň şahsy sergisiniň açylyşyna çagyrýar. Sergä ussadyň baý döredijilik dünýäsini açyp görkezýän täze eserleri, şeýle hem öňden saýlanyp alnan iň gowy işleri girizildi.

Dabaraly açylyş 5-nji iýunda sagat 16:00-da şu salgyda geçiriler: Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, 10-njy jaý (Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň binasy).

Sergi häzirki zaman türkmen şekillendiriş sungatyndaky milli äheňleriň nepisligini we özboluşlylygyny görkezmäge gönükdirilendir.

Isleg bildirýänleriň ählisi üçin giriş mugtdyr.

Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: 92-35-43, 94-03-27.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info