17-nji sentýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirýär.
Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, ilki bilen, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, durmuşa geçirilen özgertmeleri, halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda alnyp barylýan işleri şöhlelendirýän wideoşekillere tomaşa etdiler. Soňra myhmanlar giň gerimli sergi bilen tanyşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň sergi diwarlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere üns çekilýär.
Daşary işler ministrliginiň diwarlygynda oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyzyň dünýäde barha artýan abraýy özüniň beýanyny tapýar.
Ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň sergi diwarlyklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ilata hödürlenilýän döwrebap hyzmatlara üns çekilýär.
«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň diwarlyklarynda kartalaryň, şekilli görnüşleriň üsti bilen milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynyň okgunly ösüşi beýan edilýär.
Türkmenistanda tebigy serişdeler özleşdirilende, olar rejeli ulanylýar, daşky gurşawy goramak babatda yzygiderli alada edilýär, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça wajyp halkara başlangyçlar öňe sürülýär. Ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýän senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň günsaýyn özgerýän keşbi gurluşyk we senagat toplumynda gazanylan sepgitler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär.
Ýurdumyzda iri halkara hem-de sebit derejeli deňiz, awtoulag, demir ýol we howa ýollaryna çykýan gatnawlaryň birleşdirilen ulgamy döredilýär. Olar ulag-aragatnaşyk pudagynyň diwarlyklarynda giňişleýin şöhlelendirilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyna hem möhüm orun berilýär. Giň gerimli gözden geçirilişde pudaga Türkmenistanyň Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrlikleri, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, «Türkmenpagta» döwlet konserni, «Türkmengallaönümleri», «Türkmenobahyzmat», Türkmenistanyň Azyk senagaty, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşikleri wekilçilik edýärler.
Söwda we hyzmatlar ulgamynyň ýokary ösüş derejesiniň milli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagynyň, söwda toplumynyň ösüşiniň, milli önüm öndürijilerimiziň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň möhüm görkezijisidigini bellemelidiris.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň eksport ugurly esasy pudaklarynyň biri bolan Dokma senagaty ministrligi hem öndürýän ýokary hilli harytlaryny görkezýär. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, halyçylyk sungaty bilen meşgullanýan telekeçileriň we halk senetçileriniň döwrebap haly önümleri uly gyzyklanma döretdi.
Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport toplumynyň sergi diwarlyklarynyň ýany hem köp adamly boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary uly ösüşleri başdan geçirýär. Halkymyzyň saglygy, abadan hem-de bagtyýar durmuşy ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň esasyny düzýär.
Medeniýet ulgamynyň sergi diwarlyklarynda milli gymmatlyklarymyzy we däp-dessurlarymyzy täzeçil öwüşginde wagyz etmek boýunça işler beýan edilýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlygy häzirki zaman neşirýat we çaphana işine bagyşlandy.
Sergide Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň diwarlyklary-da ýaýbaňlandyrylypdyr. Her pawilýon diňe bir sergi meýdançasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Watanymyzyň şäherleriniň we sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýanydyr.
«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda saglygy goraýyş ulgamynda gündelik peýdalanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini, şol sanda ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan bir gezeklik agyz-burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini, hassahanalar üçin zerur bolan saglyk maksatly serişdeleri öndürmek işi ýola goýuldy. Özünde birnäçe desgalary birleşdirýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi Arkadag şäheriniň durmuş düzüminiň möhüm bölegini emele getirýär. Bu ýerde çagalaryň saglygy bejerilýär we dikeldilýär.
Ýurdumyzyň maglumat tehnologiýalary ulgamynda işleýän kompaniýalary hem sergi meýdançasynda möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň we milli tejribäniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy, türkmen halkynyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň esasy ugurlarydyr. Şunuň bilen baglylykda, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň, «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň öndürýän döwrebap kompýuterleri, monitorlary, monobloklary, noutbuklary, töleg terminallary we beýleki önümleri myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär.
Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de hususyýetçileriniň Garaşsyzlygyň 35 ýylynyň dowamynda gazanan üstünliklerini we ýeten sepgitlerini beýan edýän tanyşdyryş çäreleri guraldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryndaky täze taslamalar, haryt öndürijileriň täze önümleri bilen tanyşdyrýan çäreler hem daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 19-njy sentýabrda öz işini tamamlar.
