Türk stili we ykjamlygy: Aşgabatda «CottonBox» dükany açyldy

MilliInfo

19 Awgust, 2025

Indi dünýä derejesindäki rahatlyk has ýakynymyzda: «Aşgabat Moll» diýen at bilen meşhurlyk gazanan söwda-dynç alyş merkezinde Türkiýäniň öý dokma önümleriniň bazarynda liderligi elden bermeýän, meşhur «CottonBox» brendiniň resmi wekiliniň söwda nokady — ajaýyp dükany açyldy. Bu ýöne bir dükan däl —ýokary hilli matalaryň, ajaýyp dizaýnyň we her bir owunjak bölege hem ünsüňizi gönükdirmek bilen, gündelik rahatlygyňyzyň bir bölegine öwrüljek ajaýyp hem özboluşly dizaýnyň giňişligi.

Näme sebäpden «CottonBox» uly ähmiýete mynasyp

«CottonBox» — Ýewropada, Aziýada we Ýakyn Gündogarda millionlarça alyjynyň ynamyna giren brend. Onuň önümleri:

  • Ýokary hilli tebigy önümler — diýseň ýakymly we uzak wagtlap ulanmak üçin çydamly;

  • Estetika we mümkinçilikleri bilen sazlaşyk döredýän döwrebap dizaýn;

  • Görnüşleriň känligi: düşek daşlyklaryndan, ýorganlara, ýassyklara we beýleki esbaplara çenli

  • Iň esasysy — indi bularyň ählisi Türkmenistanda resmi we göni hödürlenilýär.

Müşderiler hil kepilligi bilen hödürlenýän ýokary hilli önümleri goşmaça tölegsiz hem-de araçysyz satyn alyp bilerler.

Premium-klassy bahalandyrmagy başarýanlar üçin

Dükanyň içinde ýerleşýän «PepperHome» brendiniň VIP-giňişligi aýratyn gyzyklanma döredýär.

  • «PepperHome» nepislige, her bir böleginiň ýokary hiline we inçeden taýýarlanan matalara üns bermek bilen döredilen premium dokma önümlerini hödürleýär.

  • Bu ýerde köpçülikleýin gabat gelip bolmaýan toplumlar bar.

  • Giňişlik diňe bir önüm saýlamak üçin däl, eýsem, satyn almakda hem gaýtalanmajak tejribe üçin bezelendir.

Eger, interýeriňiziň gyzykly žurnallaryň sahypalaryndaky ýaly bolmagyny isleseňiz — şu ýere gelmegi unutmaň!

Nireden tapmaly we sargyt etmeli

  • Salgysy: «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi, B-1.32 dükany

  • Telefon belgileri: +993-64-22-26-79, +993-65-21-44-47

  • Instagram: @tekstil.ag

  • Tik Tok: @tekstil.ag

  • Bütin Türkmenistanyň çägine eltip bermek hyzmaty

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo