Aşgabatdaky Rus öýi Russiýanyň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäresini guraýar. Baýramçylyk 12-nji iýunda sagat 19:00-da «Arkaç» söwda we dynç alyş merkeziniň 0-njy (aşaky) gatynda geçiriler.
Myhmanlara rus halkynyň özboluşlylygyny şöhlelendirýän sazly-dynç alyş maksatnamasy hödürlener. Onuň düzümine meşhur aýdymlar, artistleriň ýerine ýetirmegindäki tanslar, şeýle hem interaktiw bäsleşikler girer.
Baýramçylyk maksatnamasy döredijilik bölegini hem öz içine alýar: isleg bildirýänler üçin halk senetçiligi boýunça ussatlyk sapaklary guralar, onda gatnaşyjylar öz elleri bilen ýadygärlik sowgatlaryny ýasap bilerler.
Mundan başga-da, çäräniň çäklerinde senetçileriň özboluşly el işleriniň ýarmarkasy açylar.
