Aşgabatda Hindistan Respublikasynyň garaşsyzlygynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyk kabul edişligini Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady.
Çärä Türkmenistandaky hindi jemgyýetiniň wekilleri, ilçihananyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, şeýle hem diplomatik wekilhananyň hyzmatdaşlary we dostlary gatnaşdylar.
Bu ýerde çykyş eden Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu iki döwletiň arasyndaky häzirki zaman gatnaşyklarynyň baý taryhy mirasa we gadymy siwilizasiýalaryň däp-dessurlaryna esaslanýandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýylba-ýyldan has-da berkäp, köpugurly häsiýete eýe bolýar.
Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde türkmen aýdymçysy Täçnabat Ýomudowanyň ýerine ýetirmeginde hindi dilindäki aýdymlar ýaňlandy.
Şeýle hem myhmanlar üçin ýoga boýunça görkezme çykyşy hödürlendi. Bu çykyş bedeniň we ruhuň sazlaşygyna gönükdirilen gadymy hindi tejribesi bilen tanyşdyrdy.
Garaşsyzlyk güni Hindistanyň iň möhüm döwlet baýramlarynyň biridir. Bu sene 1947-nji ýylyň 15-nji awgustynda esaslandyryldy.
