9-njy dekabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezinde Eneler güni dabaraly ýagdaýda bellenildi. Bu medeni çärä Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, merkeziň mugallymlary we talyplary, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ilçi öz çykyşynda dabaranyň esasy maksadynyň myhmanlary Eýranyň baý medeniýeti, şeýle-de enelere we zenanlara bolan söýgini, minnetdarlygy hem-de çuňňur sarpany alamatlandyrýandygyny, şeýle-de däp-dessurlar bilen tanyşdyrmakdan ybaratdygyny nygtady.

Baýramçylyk maksatnamasy dabara gatnaşyjylarda täsir galdyran aýdym-sazly çykyşlary özünde jemledi.

Ýeri gelende bellesek, Eýranda Eneler güni musulman dünýäsinde enelik mertebesiniň we ahlaklylygyň nusgasy hökmünde sarpalanýan Muhammet pygamberiň gyzy Fatima Zahranyň doglan gününe gabatlanyp bellenilýär. Şol bir wagtda ýurtda Zenanlar gününiň hem bellenilmegi bu waka aýratyn öwüşgin çaýýar.

Dabara agşamyň iň ýakymly bölegi bolan süýjülikleriň hödürlenmegi bilen tamamlandy.
