Aşgabatda Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi

MilliInfo

Şu gün Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli resmi kabul edişlik guraldy.

Hindistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan guralan ähmiýetli çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy. Ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň agzalarynyň, köpçüliklerýin habar beriş serişdeleriň wekilleriniň gatnaşmagy çäräniň has-da täsirli geçmegini üpjün etdi.

Myhmanhananyň girelgesinde ýaýbaňlandyrylan sergide hödürlenen gymmatlyklar resmi kabul edişligiň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri döretdi.

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň çykyşy bilen başlanan çärede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowa söz berilmegi dostlukly türkmen hem hindi halklarynyň arasyndaky gelejegi uly hyzmatdaşlyga berilýän ähmiýetiň beýanyna öwrüldi.

Resmi kabul edişlikde hindi halkynyň aýdym-sazlaryna hem giň orun berildi. Bu ýerde ýokanyň täsin hereketleri ýerine ýetirildi. Munuň özi çäräniň dabaraly häsiýeti bilen tapawutlanmagyny üpjün etdi.

Türkmen-hindi gatnaşyklary 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Geçen ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýe boldy: söwda-ykdysady gatnaşyklar, energetika, agrosenagat pudagyndaky bilelikdäki taslamalar, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Soňky ýyllarda tehnologiýalar boýunça tejribeleriň alşylmagyny, maýa goýum işjeňligini we bilim maksatnamalaryny giňeltmäge bolan özara gyzyklanma aýratyn orun berilýär.

Häzirki çäräniň çäklerinde hem taraplar ýokary derejedäki gepleşikleri işjeňleşdirmäge, köptaraply forumlaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hem-de iki ýurduň halklarynyň durnukly ykdysady ösüşine we durmuş taýdan ösmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info