14-nji awgustda Aşgabatda Halkara ýaşlar gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Baýramçylyk dabarasy BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guraldy. Olimpiýa şäherçesiniň sportuň oýun görnüşleri boýunça toplumynda geçirilen bu çäre 200-den gowrak gatnaşyjyny özinde jemledi.
«UNFPA-nyň» Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kemal Goşlyýew öz çykyşynda, ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşynda tutýan möhüm ornuny belledi hem-de olaryň dürli jemgyýetçilik çärelerine we başlangyçlaryna işjeň gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtady.
Maksatnamanyň esasy bölekleriniň biri nusgalyk tegelek stol söhbetdeşligi boldy. Gatnaşyjylaryň arasynda IT-ulgamynyň hünärmenleri, kontent döredijiler, telekeçiler, eko-aktiwistler, sungat işgärleri, şeýle hem maýyplygy bolan ýaşlar bar. Olar özleriniň tejribeleri barada gürrüň berdiler.
Çäre aýratyn bölümler we interaktiw meýdançalar bilen dowam etdi. Gatnaşyjylar okuw-türgenleşiklerine gatnaşmaga hem-de bilim, klimatyň üýtgemegi, sungat, IT, reproduktiw saglyk, gender deňligi we beýleki ugurlar boýunça özara tejribe alyşmaga mümkinçilik tapdylar.
Dabarada Aşgabadyň sport mekdebiniň we Türkmenistanyň Gimnastika federasiýasynyň ýaş türgenleri gimnastika çykyşlaryny hödürlediler.
Ýeri gelende bellesek, her ýylyň 12-nji awgustynda bellenilýän Halkara ýaşlar güni bütin dünýäde ýaşlaryň öňünde duran mümkinçilikleri, şeýle hem durnukly ösüşe ýetmekde olaryň möhüm hyzmatdaşlar hökmündäki esasy ornuny görkezmäge gönükdirilendir.
