23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Bu çärä diplomatik gulluklaryň wekilleri, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, ýurdumyzyň Hökümet agzalary hem-de ýörite çagyrylan myhmanlar gatnaşdylar.
Şu ýyl Saud Arabystany Patyşalygy 1932-nji ýylda Patyşa Abdel Aziz ibn Abdurrahman Al Saudyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan döwlet birleşmesiniň 95 ýyllygyny belleýär. Şol sebäpden hem, bu baýramçylyk ýurduň baý medeni mirasyny, şeýle hem ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we jemgyýetçilik-ykdysady ösüşe ýetmek ugrundaky tagallalaryny alamatlandyrýar.
Saud Arabystany Patyşalygy 1992-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden we diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ýurtlaryň biri boldy. Iki dostlukly döwletiň arasyndaky gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär we hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga täze mümkinçilikler açylýar.
Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de öz adyndan Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda we ýurduň ähli doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

