Aşgabatda howa menziliniň üstaşyr ýolagçylary üçin ýörite hyzmatlary ýola goýmak meýilleşdirilýär

MilliInfo

14 sagat öň

Aşgabatda howa menziliniň üstaşyr ýolagçylary üçin ýörite hyzmatlary ýola goýmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň paýtagtynda Aşgabat Halkara howa menziline gelýän halkara üstaşyr (tranzit) ýolagçylara toplumlaýyn hyzmat etmegi ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Olar üçin ulag gatnawy, myhmanhanalarda ýerleşmek we paýtagtyň söwda merkezlerine aýlanyp görmek hyzmatlary guralar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Depegum» söwda merkeziniň gurluşygy bilen tanyşlygynyň barşynda geçiren iş maslahatynda bu ugurda degişli tabşyryklary berdi. Bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça işler Aşgabat şäher häkimligi hem-de «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan bilelikde alnyp barlar.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle amatly şertleriň döredilmeginiň özara bähbitli çözgüt boljakdygyny nygtady: bu daşary ýurtly myhmanlar üçin ýokary derejeli amatlylygy üpjün eder we paýtagtyň häkimligine ykdysady taýdan bähbit getirer. Bu ugurda Aşgabadyň demirgazyk böleginde, halkara howa menziliniň golaýynda gurulýan «Depegum» söwda-dynç alyş merkezi möhüm orun eýelär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info