Aşgabatda Eýranyň ruhy Lideri hatyralandy

MilliInfo

18 Iyul, 2026

Aşgabatda Eýranyň ruhy Lideri hatyralandy

Eýranyň Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Eýranyň ruhy Lideri Aýatolla Seýed Aly Hameneýä bagyşlanan hatyra çäresi geçirildi. Agşama diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Aly Mojtaba Ruzbehani, medeniýet meseleleri boýunça maslahatçy Abdolreza Abbasi, pars dili okuwlarynyň mugallymlary we talyplary, şeýle hem žurnalistler gatnaşdylar.

Eýranyň ilçisi iki ýurduň Prezidentlerine — Masud Pezeşkiana we Serdar Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Diplomat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hatyra çäresine gatnaşmak üçin Tährana amala aşyran şahsy sapary üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Ol bu ädimiň döwletleriň arasyndaky çuňňur taryhy kökleri we doganlyk gatnaşyklarynyň häsiýetini görkezýändigini nygtady.

Öz gezeginde, medeniýet meseleleri boýunça maslahatçy Abdolreza Abbasi ruhy Lideriň ruhy mirasy, onuň döwlet dolandyryşyndaky orny we Türkmenistan bilen hoşniýetli goşňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekdäki tagallalary barada giňişleýin durup geçdi. Agşamyň maksatnamasyna talyplaryň çykyşlary, goşgy okalmagy, dokumental wideolaryň görkezilmegi, Gurhan okalmagy we bilelikde doga-dilegleriň edilmegi ýaly çäreler girizildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info