23-nji oktýabr — 1-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy geçirildi. Bu ýaryş ýurdumyzyň ähli sebitlerinden jemi 364 gatnaşyjyny bir ýere jemledi.
On günüň dowamynda dürli nesilleriň küştçüleri üç ugur: nusgawy küşt, rapid we blis boýunça güýç synanyşdylar. 2023-nji ýylda gaýtadan dikeldilen bu ýaryş eýýäm yzly-yzyna dördünji ýyl geçirilip gelýär we gatnaşyjylaryň sanynyň durnukly ösüşini görkezýär. Oňa gatnaşyjylaryň sany 2024-nji ýyldaky 285 oýunçydan şu ýyl 364 oýunça çenli köpeldi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň (TDBSI) talyby Amanmuhammet Hommadow «A» toparda iki altyn medaly (altyn dubly) gazanyp, ýaryşyň baş gahrymanyna öwrüldi. Ol nusgawy ýaryşda 11 utuk mümkinçiliginden 9,5 utuk toplap ynamly ýeňiş gazandy, şeýle hem rapid görnüşinde birinji orny eýeledi. Nusgawy ugur boýunça zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew (8,5 utuk) ikinji orna düşdi, Ilhan Çaryýew bolsa (8,5 utuk) bürünç medala mynasyp boldy. Nusgawy we rapid ugurlary boýunça «B» toparda Mary welaýatyndan 12 ýaşly Täçmyrat Serdarowa taý tapylmady — ol iki bäsleşikde hem 10 utuk toplap ýeňiji boldy.
Blis boýunça geçirilen gyzykly bäsleşiklerde «A» toparda Küşt federasiýasynyň Baş sekretary, FIDE-niň ussady Mergen Kakabaýew (9,5 utuk) birinji orny eýeledi, «B» toparda bolsa 14 ýaşly Aýnur Batyrowa (10 utuk) ýeňiş gazandy.
Guramaçylar zenanlaryň üstünlikli çykyşlaryny we uly ýaşly nesil üçin täze toparlaryň döredilmegini aýratyn nygtadylar. «65+» ýaş toparynda halkara sport ussady Karen Grigorýan (7 utuk) iň gowy netijäni görkezdi, «50+» toparynda bolsa Akmeret Kakalyýew (4,5 utuk) ýeňiş gazandy.
