Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde VI Açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS-2026) ýapylyş we ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.
Şahsy bäsleşikde gazanylan medallaryň sany boýunça öňe saýlananlar:
Türkmenistan — 198 medal;
Özbegistan — 103 medal;
Russiýa — 30 medal.
Toparlaýyn bäsleşikleriň netijeleri boýunça baýrakly orunlar şeýle tertipde boldy:
Türkmenistan — 13 toparlaýyn baýrak;
Özbegistan — 10 toparlaýyn baýrak;
Russiýa — 7 toparlaýyn baýrak.
Şeýle hem Gresiýanyň, Eýranyň, Täjigistanyň we Niderlandlaryň wekilleri baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Aşgabatda «OMOUS-2026» olimpiadasynyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara ylmy dialogy ösdürmek üçin binýat hökmünde eýelik edýän derejesini ýene bir gezek tassyklady. Guramaçylar şeýle intelektual bäsleşikleriň dürli ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge we öňdebaryjy akademiki tejribe alyşmaga ýardam edýändigini nygtadylar.