Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň goldaw bermeginde BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM / ПРООН) hem-de BMG-niň Ilat gaznasy (ÝUNFPA) tarapyndan durmuşa geçirilýän CHANGE («Gender deňliginiň bähbidine durmuş garaýyşlaryny we kadalaryny özgertmäge ýardam bermek») atly halkara maksatnamasynyň milli bölüminiň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Sebit boýunça umumy býujeti 5,2 million ýewro deň bolan bu taslama Merkezi Aziýa ýurtlaryny öz içine alyp, inklýuziw ykdysady syýasaty ösdürmäge hem-de durmuş institutlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Maksatnamanyň esasy ugry ylmy-usulyýet we seljeriş goldawyny bermekden ybarat bolar. Halkara hyzmatdaşlar iş üpjünçiliginiň gurluşyna baha bermek we resmi däl zähmet bazaryny seljermek maksady bilen, wagtyň ulanylyşy boýunça giň gerimli barlaglary geçirmäge ýardam ederler. Toplanan maglumatlaryň esasynda raýatlaryň hünär taýýarlygyna bolan elýeterliligini giňeltmäge we ýaşlaryň telekeçilik mümkinçiliklerini açmaga kömek etjek amaly maslahatlar işlenip taýýarlanylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden BMGÖM-iň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan aýal-gyzlaryň ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmegiň bütin ykdysadyýetiň durnukly ösmegi üçin kuwwatly itergi beriji güýç bolup durýandygyny belledi. Bu pikiri ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Kemal Goşlyýew we ÝB-niň wekili Maçeý Adam Madalinski hem goldap, deň mümkinçilikleri döretmekde berk seljeriş binýadynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Bu täze başlangyç Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna, aýratyn-da, 5-nji DÖM-e (Gender deňligi) we 8-nji DÖM-e (Mynasyp zähmet we ykdysady ösüş) ýetmek boýunça döwlet strategiýasyna doly laýyk gelýär.
