17–20-nji fewral aralygynda paýtagtymyzda agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Ýaryşy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Agyr atletika boýunça milli federasiýasy guraýar. Çempionat paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda ýaýbaňlandyrylar.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagynda guraljak çempionatyň diýseň dartgynly geçmegine garaşylýar. Türgenler dürli agram derejelerinde öz ussatlyklaryny, güýçlerini we taýýarlyk derejelerini görkezmek ugrunda göreşerler.
Giň gerimli sport çäresi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaş türgenleriň tejribesini baýlaşdyrmak hem-de milli agyr atletika mekdebini ösdürmek maksady bilen geçirilýär.
Çempionatyň netijeleri boýunça tapawutlanan türgenlere degişli derejedäki baýraklar gowşurylar.