Üns beriň! Aşgabatda Hindi filmleriniň hepdeligi geçirilýär

MilliInfo

2 sagat öň

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 20 — 24-nji ýanwar aralygynda «Aşgabat» kinoteatrynda geçiriljek Hindi filmleriniň festiwalyna çagyrýar.

Bäş günüň dowamynda tomaşaçylar hindi kinematografiýasynyň nusgawy we häzirki zaman filmlerine tomaşa edip bilerler. Festiwalyň maksatnamasyna hindi kino senagatynyň baýlygyny we köpdürliligini şöhlelendirýän dramalar, sazly filmler, taryhy we sport filmleri girýär.

Şunlukda:

  • 20-nji ýanwarda 17:00-da «RRR: Rewolýusiýa golaýda gürleýär»,

  • 21-nji ýanwarda 11:00-da «Zita we Gita», şol gün 17:00-da «12-nji şowsuzlyk»,

  • 22-nji ýanwarda 11:00-da «Disko tansçysy», şol gün 17:00-da «83»,

  • 23-nji ýanwarda 11:00-de «Ar alyş we kanun», 17:00-da «Rakşa Bandhan»,

  • 24-nji ýanwarda 11:00-da bolsa «Ingliş-wingliş» filmleri görkeziler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info