8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň edara binasynda iş gözleýän raýatlar üçin boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirilýär. Oňa paýtagtymyzyň edara-kärhanalary, hususy pudagynyň wekilleri boş iş orunlary hakyndaky maglumatlary bilen gatnaşarlar.
Ähmiýetli çäre 09:00-dan 12:00-a çenli dowam eder. Şunlukda, iş gözleýän ildeşlerimiz bu ýere şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gatnaşmalydyrlar.
Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi: 39-34-56
Bagtyýarlyk etraby: 39-34-64
Berkararlyk etraby: 39-34-71
Büzmeýin etraby: 35-12-69
Köpetdag etraby: 39-34-76
