Paýtagtymyzda Sergeý Ýeseniniň 130 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçiriler

MilliInfo

2 Oktýabr, 2025

3-nji oktýabrda sagat 18:00-da Aşgabatdaky Rus öýünde görnükli rus şahyry Sergeý Aleksandrowiç Ýeseniniň doglan gününiň 130 ýyllygyna bagyşlanan edebi-sazly agşam guralar.

Myhmanlara şahyryň Watana hem tebigata söýgi hakyndaky ajaýyp goşgularynyň okalmagyny, onuň döredijiliginden alnan ylham esasynda döredilen gaýtalanmajak saz eserlerini özünde jemleýän täsirli maksatnama hödürlener. Agşamyň atmosferasy Ýeseniniň poeziýasyna içgin aralaşmaga hem-de onuň ýürekden çykan setirleriniň üsti bilen ruhy güýjüň ähmiýetine göz ýetirmäge mümkinçilik döreder.

Bu çärä gatnaşmak üçin görkezilen salga ýüztutmalaryňyzy ýollamalysyňyz: otdel_tm@mail.ru.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo