«Kids Expo 2026» sergisiniň gatnaşyjylary üçin hasaba alyş başlandy: çagalary ösdürmek ugrundaky taslamalaryňyzy görkeziň!

MilliInfo

27 Iýun, 2026

«Kids Expo 2026» sergisiniň gatnaşyjylary üçin hasaba alyş başlandy: çagalary ösdürmek ugrundaky taslamalaryňyzy görkeziň!

19–22-nji awgust aralygynda Aşgabatda «Kids Expo: Hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Ol çagalar pudagynda işleýän işewürlik wekillerini, bilim edaralaryny, halkara we jemgyýetçilik guramalaryny bir ýere jemlär.

Sergi çagalara we maşgalalara gönükdirilen önümleri, hyzmatlary hem-de taslamalary görkezmek, şeýle hem bazaryň möhüm ugurlaryny we halkara hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolar.

Forumyň Türkmenistandan we daşary ýurtlardan 100-den gowrak gatnaşyjyny hem-de pudaklaýyn hünärmenleri jemlemegine garaşylýar.

Serginiň mowzuklaýyn bölümleriniň hatarynda:

  • Täze doglan çagalar üçin harytlar;

  • Bilim we okatmak;

  • Innowasion tehnologiýalar;

  • Ekologik harytlar;

  • Dynç alyş we döredijilik;

  • Çagalar modasy;

  • Saglyk we sport;

  • Kitaplar hem-de edebiýat ugurlary bolar.

Işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde bilim edaralarynyň, işewürligiň, döwlet düzümleriniň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyndaky duşuşyklar, gepleşikler hem-de tanyşdyryş dabaralary (prezentasiýalar) meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» kompaniýasy serginiň guramaçylary hökmünde çykyş edýärler.

Sergä gatnaşmaga çagalary ösdürmek, bilim, döredijilik we çagalaryň başlangyçlaryny goldamak ulgamynda işleýän kompaniýalar, bilim edaralary, halkara we ýerli jemgyýetçilik guramalary çagyrylýar.

Gatnaşmak we hasaba durmak baradaky jikme-jik maglumatlar şu ýerde elýeterlidir.

  • Habarlaşmak üçin e-poçta: contact@turkmenexpo.com

  • Maglumat üçin telefonlar: +993 71 87 18 12, +993 63 50 15 51.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info