2-nji noýabrda sagat 17:00-da «Arkaç» söwda merkeziniň aşaky gatynda «Koreý medeniýetiniň hepdeligi — 2026» atly medeni-aň-bilim çäresi geçiriler. Koreýa Respublikasynyň ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu çäre ilkinji «Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa» sammitine bagyşlanýar.
Maksatnamanyň çäklerinde myhmanlara baý mazmunly interaktiw we gyzykly çäreler garaşýar. Gelýänler Koreýa Respublikasynda bilim almak maksatnamalary, Korol Sejong instituty tarapyndan guralýan koreý dili okuwlary hem-de Hökümetiň GKS maksatnamasy barada giňişleýin maglumat alyp bilerler.
Meýdançada Koreýanyň bäş şäheriniň özboluşly gözelligini we medeniýetini açyp görkezýän pawilýonlar guralar. Ýörite oýun zolagynda bolsa isleg bildirýän her bir adam adaty koreý oýunlarynda — tuho, çegiçhagi we takjiçhigi oýunlarynda öz güýjüni synap görüp biler.
Myhmanlara koreý elipbiýinde (hangyle) öz atlaryny ýa-da sözlemleri ýazmak, ttakji kagyz oýunjaklaryny we milli bezeg şaýlaryny öz elleri bilen ýasamak, şeýle hem «Çonju bibimpab» surat reňkleme işine gatnaşmak teklip ediler.
Gatnaşyjylara koreý çaýynyň, milli süýjülikleriniň we serginlediji içgileriniň dürli görnüşlerini dadyp görmek mümkinçiligi dörediler. Bäş şäheriň ähli diwarlyklaryny aýlanyp çykan myhmanlara ýörite sowgat — koreý süýjülikleriniň toplumy gowşurylar.
Giriş tölegsizdir.
