Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy koreý dilini bilmegiň derejesini anyklaýan 105-nji «TOPIK» synagyna gatnaşmak üçin ýüztutmalaryň kabul edilip başlanandygyny habar berdi.
Isleg bildirýänleriň hemmesi ýüz tutup bilerler. Arzalary kabul etmek işi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan 14-nji ýanwardan 28-nji ýanwara çenli geçiriler. Arzalar iş günleri sagat 09:00-dan 15:00-a çenli kabul edilýär. Synaga gatnaşmak üçin tölegiň möçberi 70 manada barabardyr.
Synagyň geçiriljek senesi: 12-nji aprel.
Gatnaşmagyň şertleri baradaky giňişleýin maglumatlar, şeýle hem ýüztutmanyň nusgasy Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda ýerleşdirilendir.