Aşgabatda Meýletinçileriň festiwaly geçiriler

MilliInfo

3 Dekabr, 2025

5-nji dekabrda «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde Meýletinçileriň halkara gününe bagyşlanan ajaýyp waka — Meýletinçileriň festiwaly geçiriler.  

Bu çäre Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hem-de ýurdumyzda jemgyýetçilik başlangyçlaryny, özara kömek bermek medeniýetini we meýletinçilik hereketini ösdürmäge mynasyp goşandygy goşýan «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasynyň goldawy bilen geçiriler.

Festiwalyň myhmanlaryna döredijilik bäsleşikleri, interaktiw ýaryşlar, mylaýym atmosfera we amala aşyran işleri bilen dünýäni üýtgetmegi başaran ynsanlar hakyndaky ruhlandyryjy gürrüňler garaşýar. Munuň özi meýletinçileriň guraýan çäreleri we başlangyçlary bilen tanyşmak, jemgyýetçilik ruhuny duýmak, öz pikirdeşleriňi tapmak, belki-de, özüňi ýagşy işlere ruhlandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Başlanýan wagty — 14:30. Goşmaça maglumatlary almak üçin 71-15-33 ýa-da +993 61 96-90-67 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Şu gün — 3-nji dekabrda bolsa Mümkinçiligi çäkli ynsanlaryň halkara güni bellenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy aýratyn zerurlyklary bolan çagalar üçin Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatryna medeniýetli gezelenç çäresini gurady. Bu möhüm başlangyç inklýuziýanyň, emosional gatnaşygyň we sosial uýgunlaşmanyň ösmeginde möhüm ädimdir. 

Bu teatr özboluşly ertekileri sowgat etmegi başarýar. Ol çagalaryň aň-düşünjesini ösdürmäge, şatlygyny artdyrmaga, nesillerimiziň dünýäni obrazlar hem hekaýalar arkaly kabul etmegini öwrenmegine kömek edýär. Şeýle çäreler her bir çaganyň özüni ähmiýetli ynsan, üns berilýän şahs we umumy medeni durmuşa goşulmagy başarýan adam hökmünde duýmagy üçin giňişlik döredýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo