Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin hem-de Köpetdag etraplarynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri 2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda sagat 09:00-dan – 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň wekilleriniň agzalan çärä boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde gatnaşmaklaryny üpjün etmekleri möhümdir.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmekleri zerurdyr.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasy, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi (A.Nyýazow şaýoly, 148-nji jaý): 39-34-56;
Bagtyýarlyk etraby (A.Nyýazow şaýoly, 148-nji jaý): 39-34-64;
Berkararlyk etraby (A.Nyýazow şaýoly, 148-nji jaý): 39-34-71;
Büzmeýin etraby (Oguzhan köçesi, 8-nji jaý): 35-12-69;
Köpetdag etraby (A.Nyýazow şaýoly, 148-nji jaý): 39-34-76;
Türkmenistanyň Senagatçylae we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti (S.Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý): 22-74-07.