Aşgabatda hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçiriler

MilliInfo

11 Fewral, 2026

Aşgabat işewürlik işjeňliginiň we halkara dialogyň merkezine öwrüler. 18-nji martda Türkmenistanyň paýtagtynda hususy pudaga maýa goýumlary çekmäge bagyşlanan «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forum geçiriler.

Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Ähmiýetli halkara forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan «TMT Consulting Group» bilen hyzmatdaşlykda guralar. Häzirki wagtda gatnaşyjylaryň hasaba alyş işjeň ýagdaýda dowam edýär, bu bolsa işewürleriň we maýa goýujylaryň foruma bolan ýokary gyzyklanmasyny görkezýär hem-de taslamalary öňünden taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Hususy pudagy ösdürmek, telekeçiligi goldamak we maýa goýumlary çekmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dowam etdirilýän döwlet ykdysady syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

«IFT 2026» hususy pudagy, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilendir. Forumyň işewürlik maksatnamasy ykdysady ösüşiň senagat, agrobiznes, maldarçylyk, daýhançylyk, logistika, sanly çözgütler hem-de maýa goýum mehanizmleri ýaly esasy ugurlaryny öz içine alar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info