13–14-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň DARYA («Merkezi Aziýanyň başlangyçly ýaşlary üçin dialog we hereketler») sebit taslamasynyň Ýokary derejeli toparynyň bäşinji mejlisi geçiriler. Duşuşygyň esasy mowzugy «Hazarüsti ulag geçelgesi nukdaýnazaryndan başarnyklary ösdürmek» bolar.
Foruma sebitiň bäş döwletiniň: Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň bilim hem-de zähmet ministrleriniň orunbasarlary we ýolbaşçy işgärleri gatnaşarlar. Ýewropa tarapyna bolsa ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs, Ýewropa bilim gaznasynyň (ETF) direktory Pilwi Torsti, şeýle hem Ýewropa komissiýanyň (DG INTPA), Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) we beýleki ugurdaş edaralaryň wekilleri wekilçilik ederler.
Mejlisiň gün tertibinde DARYA taslamasynyň ulag we logistika pudagyndaky işine daýanyp, hünärli işçi güýjüni ösdürmegiň üsti bilen geçelgäniň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny nädip ýokarlandyryp boljakdygy ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem duşuşykda ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky has giň gerimli strategik hyzmatdaşlyk meseleleri gozgalar.
Iki günlük gepleşikleriň baş maksady ökde hünärmenleri taýýarlamak maksatnamalaryny «Global Gateway» ählumumy strategiýasynyň çäklerinde ulag-logistika arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga ÝB tarapyndan goýulýan giň gerimli maýa goýumlar bilen sazlaşdyrmakdan ybaratdyr.
Gatnaşyjylar ulag we logistika pudagynda bitewi hünär ugurlaryny ornaşdyrmak, milli hünär derejelerini özara deňeşdirmek hem-de Başarnyklar boýunça Sebit ýol kartasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşarlar.
Bu başlangyjyň geçelgäniň port we demir ýol infrastrukturasyny peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyna hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlary üçin täze, ýokary hilli iş orunlaryny döretjekdigine bil baglanylýar.
