Aşgabatda Roždestwo kitap ýarmarkasy geçiriler

MilliInfo

3 sagat öň

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy isleg bildirýänleriň ählisini Roždestwo kitap ýarmarkasyna çagyrýar. Şu ýylky ýarmarka Aşgabadyň meşhur kitap dükanlarynyň birnäçesini bir ýere jemläp, köpdürli edebiýatlary we baýramçylyk sowgatlyklaryny hödürlär.

Myhmanlar baýramçylyk atmosferasyndan başlap, bu ýerde hödürlenjek süýjüliklerden we däbe öwrülen Ýewropa Roždestwo sazlaryndan lezzet alyp bilerler.

Ýörite güýmenjeleriň hatarynda kitaplary çalyşmak üçin niýetlenen burç (Book Swap Corner), «Santa Klausa hat» ýazmak üçin taýýarlanan ýörite nokat we çagalar üçin döredijilik ussatlyk sapaklary gurnalar.

Guramaçylar myhmanlary ýanlary bilen haýsydyr bir kitaby alyp gelmek bilen, kitap alyş-çalşygyna gatnaşmaga çagyrýarlar. Munuň özi kitaplara ikinji ömri bagyşlamak bilen, ekologiýany goldamagyň ýönekeý we möhüm usulydyr.

Çäre 20-nji dekabrda sagat 15:00-dan 19:00-a çenli Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ofisinde geçiriler.

Giriş tölegsiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo