Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Gýote-Institutynyň synaglarynyň başlanýandygyny habar berdi. Synaglar 2025-nji ýylyň noýabrynda geçirilýär. Bu çäre nemes dilini biliş derejäňizi — başlangyç ýagdaýdan (A1) kämillige çenli (C1).
Synaglar üçin bellige alyş 7—11-nji noýabr aralygynda Gazagystanyň Gýote-Institutynyň saýtynda açyk bolar. Ýüztutmalaryny ýollanlaryndan soňra gatnaşyjylar töleg hasaplaryny alarlar, tölegler bolsa 48 sagadyň dowamynda bank hasaplary boýunça geçirimler arkaly ýerine ýetirilmelidir.
Synaglar görkezilen tertip boýunça ýaýbaňlandyrylar:
A1 — 21-nji we 22-nji noýabr;
A2 — 23—26-njy we 27-nji noýabr;
B1 — 24-nji we 25-nji noýabr;
B1 Jugendliche (ýetginjekler üçin) — 28-nji noýabr;
B2 — 26-njy we 27-nji noýabr;
C1 — 28-nji noýabr.
Guramaçylar gatnaşmagyňyzy kepillendirmek maksady bilen, arzalaryňyzy mümkin boldugyndan tiz tabşyrmagyňyzy maslahat berýärler.
