Aşgabatda Türkmenistanyň BSG agza bolmagyna taýýarlyk boýunça amaly maslahat geçirilýär

MilliInfo

16 sagat öň

Aşgabatda Türkmenistanyň BSG agza bolmagyna taýýarlyk boýunça amaly maslahat geçirilýär

5 — 14-nji oktýabr aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmak işine ýardam bermek maksady bilen, milli kuwwaty berkitmäge we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen amaly okuw çäreleriniň tapgyryny geçirýär.

Çäreleriň maksatnamasy halkara söwdanyň esasy ugurlaryny, BSG agzalygyň şertlerini we köptaraplaýyn söwda ulgamynyň kadalaryny amaly taýdan ulanmagy öz içine alýar. Gatnaşyjylar söwda we senagat syýasaty, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, milli öndürijileri goldamak we goramak hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Şeýle hem BSG-niň kanunçylygyna, söwda jedellerini çözmegiň mehanizmlerine we halkara bazarlarynda döwletiň ykdysady bähbitlerini goramak usullaryna aýratyn üns berilýär.

Maksatnamanyň çäklerinde 14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda professor-mugallymlar düzümi we talyplar üçin umumy sapak meýilleşdirildi. Bu sapak BSG goşulmagyň halkara tejribesine we dünýä ykdysadyýetine integrasiýalaşmagyň (goşulyşmagyň) mümkinçiliklerine bagyşlanar.

Okuw maslahatlaryna Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň 35-den gowrak hünärmeni we wekili, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Merkezi bankyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Bu çäreler tapgyry halkara söwda ugry boýunça hünär we edaralaýyn kuwwaty berkitmäge, BSG-niň hukuk hem-de institusional aýratynlyklary baradaky bilimleri giňeltmäge we Türkmenistanyň köptaraplaýyn söwda ulgamyna goşulmagynyň çäklerinde halkara tejribesini alyşmaga ýardam berer.

Bu başlangyç Russiýa Federasiýasynyň maliýe we bilermenler goldawy esasynda, BMGÖM-iň we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek üçin meýdança, IV tapgyr» atly bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info