Aşgabatda täze ýyl sowgatlarynyň ýarmarkasy başlandy

MilliInfo

20 Dekabr, 2025

Düýn Aşgabatdaky «Berkarar» söwda we medeni dynç alyş merkezinde täze ýyl sowgatlarynyň ýarmarkasy açyldy.

Bu ýerde her kim özi, ýakynlary we dostlary üçin Täze ýyl baýramy mynasybetli el bilen taýýarlanan ajaýyp sowgatlardan saýlap biler.

Size şaý-sepler, örülen önümler, oýnawaçlar we bezeglerdir aksessuarlar — Täze ýyl baýramynyň jadyly gurşawyny döretmäge kömek etjek ähli zatlar garaşýar.

Ýarmarka söwda-dynç alyş merkeziniň aşaky gatynda (0-njy gat) iki günläp, sagat 15:00-dan 21:00-a çenli dowam eder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info