21-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum öz işine başlady. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň we beýleki düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar. Gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi Ýewraziýa giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygyň täze arhitekturasyny döretmegiň mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn ser salmaga mümkinçilik berýär.
BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam bermäge gönükdirilen mehanizmdir. Bu platforma BMG-niň iki iri komissiýasynyň — Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň howandarlygynda ýedi ýurdy, şol sanda Azerbaýjany, Owganystany we Merkezi Aziýa ýurtlaryny birleşdirýär.
Türkmenistan onuň düzümine giren ilkinji ýyllaryndan bäri özüni işjeň gatnaşyjy hökmünde görkezýär. Maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyz sebitde durnukly ösüşiň ulag, energetika we söwda ulgamlarynyň berk özara baglanyşyklydygyndan ugur alýar.
...Açylyş dabarasynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň SPECA hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Soňra forumyň plenar mejlisi geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlisde çykyş edenler Türkmenistanyň SPECA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň strategik ähmiýetini nygtadylar. Häzirki zaman şertlerinde bu maksatnama Merkezi Aziýa sebitini Ýewraziýa yklymynda iň çalt ösýän ulag-logistika we energetika merkezleriniň birine öwürmäge ýardam berip, durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Çykyş edenler Türkmenistanyň alyp barýan ulag diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetini bellediler.
Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, sebit arabaglanyşygynyň, hususan-da, energetika, ulag, söwda ýaly esasy ugurlarda özara baglanyşygyň pugtalandyrylmagy häzirki ählumumy geosyýasy we geoykdysady şertlerde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan sebit boýunça hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň häzirki ýetilen derejesine ýokary baha berýär. Bitaraplyk, deňhukuklylyga üýtgewsiz ygrarlylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýurdumyzyň eýerýän esasy ýörelgeleridir.
SPECA sebitinde bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagy, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň ösdürilmegi, maýa goýumlaryň çekilmegi we innowasion işjeňligiň höweslendirilmegi ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berer. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda sanly geçiş we innowasion ösüş meselelerine aýratyn orun berildi.
Maýa goýum meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde mejlise gatnaşyjylar SPECA-nyň köphyzmatdaşly gaznasyny döretmegiň ähmiýetini bellediler. Türkmen tarapynyň öňe sürýän bu mehanizmi serhetüsti başlangyçlary maliýe taýdan üpjün etmek üçin wajyp gural bolar. Bu gazna «ýaşyl» ykdysadyýet, energetika, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmek üçin serişdeleri üpjün etmäge ýardam berer.
Plenar mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de netijeli dialoga döredilen şertler üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, Aşgabatda kabul ediljek çözgütleriň SPECA formatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ýolgörkeziji boljakdygyna ynam bildirdiler.
Arakesmeden soňra forum öz işini «Hazar sebitinde we onuň çäklerinden daşarda energetika özara baglanyşygy» atly mowzuklaýyn mejlis bilen dowam etdi. Çykyşlarda ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm halkasy hökmünde Merkezi Aziýa sebitiniň eýeleýän ornuna üns çekildi.
Türkmen tarapynyň wekiliniň çykyşynda bellenilişi ýaly, energetika milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyz täze elektrik stansiýalaryny gurmak, elektrik energiýasyny öndürmek, ony goňşy ýurtlara eksport etmek boýunça öňdäki orunlara çykdy. Türkmenistan energetika sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ählumumy ulgama goşulyşmagynyň esasy şerti hökmünde garaýar we SPECA giňişligini durnukly hem-de howpsuz energetika merkezine öwürmäge çalyşýar.
«Ýewraziýa ulag baglanyşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin özara ulag baglanyşygy» atly mejlisde multimodal ulag geçelgelerini amatlylaşdyrmagyň zerurdygyna üns çekildi. Mejlise gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, milli ulag ulgamlarynyň SPECA-nyň bitewi ulgamyna birleşdirilmegi üstaşyr ýük akymlarynyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Ýurdumyz diňe bir ýol gurmak bilen çäklenmän, eýsem, innowasion tehnologiýalary hem işjeň ornaşdyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň demir ýol pudagyny sanlylaşdyrmak, ýük daşamalary dolandyrmagyň we infrastruktura gözegçilik etmegiň intellektual ulgamlaryny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Soňra forum «Durnukly ösüş üçin strategik garaýyş» atly mejlis bilen dowam etdi. Mejlisiň çäklerinde BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmegiň integrirlenen çemeleşmelerini işläp taýýarlamak meselelerine üns berildi. Bellenilişi ýaly, söwda ulgamy ykdysady ösüşiň, integrasion prosesleriň hereketlendiriji güýji bolmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Durnukly söwda ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak babatda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, ulag-logistika baglanyşygyny ösdürmäge, milli ykdysadyýetleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Forum şu gün — 22-nji ýanwarda öz işini mowzuklaýyn mejlisler bilen dowam eder.