Aşgabatda basketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi (U18) geçirilýär

MilliInfo

18 Aprel, 2026

Aşgabatda basketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi (U18) geçirilýär

Paýtagtymyzda 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi dowam edýär.

Ýaryşa alty topary gatnaşýar: «Ahal», «Aşgabat», «Balkan», «Daşoguz», «Lebap» we «Mary».

Oýunlar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynyň meýdançasynda geçirilýär.

Şu günki — 18-nji apreldäki oýunlaryň tertibi:

  • «Balkan» — «Daşoguz» (10:00)

  • «Mary» — «Lebap» (12:00)

  • «Ahal» — «Aşgabat» (17:00)

Birinjilik 19-njy aprelde tamamlanar.

Bellemeli zat, 20 — 29-njy mart aralygynda ýurdumyzda 16 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda hem şunuň ýaly ýaryş geçirilipdi. Şol bäsleşigiň ýeňijisi «Balkan» topary bolupdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info