19 — 21-nji awgust aralygynda Aşgabatda saglygy goraýyş ulgamyna gender maksatly çemeleşmäni ornaşdyrmaga bagyşlanan üç günlük okuw maslahaty geçirilýär. Çäräni BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we BMG-niň Ilat Gaznasy (UNFPA) gurady. Okuw maslahaty ýurduň ähli künjeklerinden, ýagny welaýatlardan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden gelen 30 sany esasy lukmançylyk hünärmenini — baş terapewtleri, akuşer-ginekologlary, reproduktiw saglyk we maşgala lukmançylygy boýunça bilermenleri bir ýere jemledi.
Gatnaşyjylar gender we hukuk goraýjy ýörelgeleri lukmançylyk işine ornaşdyrmagyň amaly gurallaryny öwrenerler. Gender duýgurlykly aragatnaşyk endiklerini ösdürmek, kemsitmelere we oňa sebäp bolýan garaýyşlara (stigma) garşy göreşmek, şeýle hem ýokary hilli bejergi almak üçin deň elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen, lukmançylyk hyzmatlaryny zenanlaryň we gyzlaryň, şonuň ýaly-da, erkekleriň hem ýaş oglanlaryň aýratyn zerurlyklaryna uýgunlaşdyrmak meseleleri üns merkezinde bolar.
BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Meri Rizaýewa lukmanlaryň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmegiň her bir näsaga hormat goýulmagyny kepillendirýän, inklýuziw we ynsan bähbitlerine gönükdirilen saglygy goraýyş ulgamynyň kemala gelmegine gönüden-göni ýardam edýändigini belledi.
