Aşgabatda saglygy goraýyş boýunça XIII Türkmen-german forumy geçirildi

MilliInfo

2 sagat öň

Aşgabatda saglygy goraýyş boýunça XIII Türkmen-german forumy geçirildi

12-nji noýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly guralan saglygy goraýyş boýunça XIII Türkmen-german forumy öz işine başlady.

Gün tertibine saglygy goraýşyň wajyp meseleleri girizilýän nobatdaky iki günlük duşuşyga Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglygy goraýyş ulgamlarynyň ýolbaşçylary, professor-lukmanlary, hünärmenler gatnaşýarlar.

Forumyň açylyş dabarasynda Mýunhen şäheriniň Groshadern uniwersitet hassahanasynyň professory Klaus Parhofer tejribe alyşmak maksady bilen döredilen mümkinçilik üçin öz adyndan we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ähli lukman-professorlarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygyny beýan etdi.

Forumda germaniýaly professor-lukmanlar Frits Şpelsbergiň, Suzanna Şpelsbergiň, Nina Ditçiň, Dominik Kwaýzeriň, Suzanna Şpetling-Mestekemperiň, Regina Stredeliň, Suzanna Behtold-Dalla Pozzanyň, Manfred Westfalyň çykyşlaryna orun berildi.

Bellenilişi ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan halkara hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen yzygiderli ösdürilýär. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal saglygy goraýyş ministrligi bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen özara düşünişmek barada Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Maksimillian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Groshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga laýyklykda, däbe öwrülen forumlar we onlaýn görnüşdäki duşuşyklar geçirilip, olar akademiki gatnaşyklary giňeldýär, amaly lukmançylygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Türkmen-german forumy 2011-nji ýyldan bäri guralyp, şu güne çenli olaryň 12-si geçirildi hem-de häzirki zaman saglygy goraýşynyň ol ýa-da beýleki wajyp meselelerine bagyşlandy. Bu bolsa milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek babatda örän ähmiýetlidir. XIII Türkmen-german forumynda-da lukmançylygyň pediatriýa, rewmatologiýa, dikeldiş bejergileri, urologiýa, neýrohirurgiýa, onkologiýa, endokrinologiýa, newrologiýa ugurlarynda döwrebap anyklaýyş usullary, täze hirurgiki bejeriş usullary, hünär taýýarlygy, düzüminde emeli aň ulgamy ornaşdyrylan innowasion lukmançylyk tehnologiýalarynyň ylmy taýdan esaslandyrylyp, amal edilmegi bilen bagly soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanda pediatriýa, rewmatologiýa, dikeldiş bejergileri, urologiýa, neýrohirurgiýa, onkologiýa, endokrinologiýa, newrologiýa boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada beýanlar, çykyşlar diňlenildi we pikir alşyldy.

Üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilatyň saglygyny goramak boýunça Türkmenistanyň gazananlary, birnäçe möhüm ugurlarda durmuşa geçirilýän işler baradaky çykyşlar aýratyn gyzyklanma döretdi. Çykyşlardan soňra, netijeli pikir alyşmalar boldy.

Türkmen-german forumy şu gün — 13-nji noýabrda hem öz işini dowam eder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info