Aşgabatda «CAFA NOWRUZ-2026» çagalar futbol festiwaly geçirildi

MilliInfo

1 sagat öň

22-nji martda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň futbol meýdanynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) hem-de Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) bilelikde guramagynda «CAFA NOWRUZ-2026» diýen at bilen çagalaryň futbol festiwaly geçirildi. Bu barada TFF habar berýär.

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilen bu çäre 7-12 ýaş aralygyndaky oglan-gyzlaryň 250-den gowragyny bir ýere jemledi.

Futbol baýramçylygynyň dowamynda ýaş futbolçylar dürli ugurda geçirilen bäsleşiklerde öz başarnyklaryny, toparlaýyn jebisliklerini görkezmäge gowy mümkinçilik aldylar. Bu festiwal ýaş nesilleriň arasynda futbola gyzyklanma döreden täsirli wakalaryň birine öwrüldi.

Çagalaryň gatnaşmagynda geçirilen futbol festiwalynyň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmekden, şeýle-de, ýurdumyzda millionlaryň söýgüli oýny bolan futbolyň gerimini giňeltmekden ybarat boldy.

Futbol festiwalynyň soňunda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info