Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaş zehinleriň arasynda meşhur bolan bu döredijilik gözden geçirilişi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär.
Döredijilik bäsleşigi üç tapgyrda geçirildi. Onuň deslapky etrap, welaýat tapgyrlaryny üstünlikli geçip, jemleýji tapgyra çykan aýdymçylara bu gözden geçiriliş ýaş zehinleriň sungat älemine barýan ýolunda möhüm badalga bolan bolsa, tomaşaçylar üçin ýaş zehinler bilen tanyşdyrýan hakyky baýramçylyga öwrüldi. Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň hersinden ýaş zehinleriň 2-si jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Netijede, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda iň ökde ýaş aýdymçylaryň 14-si bäsleşdi. Olar nusgawy, halk hem-de döwrebap aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylaryň döredijilik çykyşlary sazly görnüşde ýaňlandy. Şunda olaryň aýdym aýdyş ukyby bilen birlikde, ýerine ýetirijiliginiň özboluşlylygy, sahnada özüni alyp barşy-da göz öňünde tutuldy. Emin agzalarynyň öňünde ýeňil bolmadyk, zehinliden zehinli ýaş aýdymçyny saýlamak wezipesi goýuldy. Şanly sene mynasybetli bäsleşigiň jemleýji tapgyryna we gala konserte geçen ýyllaryň şeýle gözden geçirişleriniň ýeňijileri-de çagyryldy. Munuň özi türkmen medeniýetinde halypa-şägirtlik ýolunyň iň gowy däpleriniň dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren «Garaşsyzlyk şanyna ýaňlan, ýaňlan, Diýarym!» atly aýdymy konsertiň joşgunly başlanmagyna itergi berip, döredijilik gözden geçirilişiniň özboluşly senasyna öwrüldi. Soňra bäsleşige gatnaşyjylar Aşgabat agşamynyň owadan öwüşginlerinde aýratyn dabara bilen gurşalan açyk sahna meýdançasynda gezekli-gezegine çykyş etdiler. Olaryň arasynda eýýäm aýdymlary söýlüp diňlenilýän belli aýdymçylar hem bar.
Käbir ýerine ýetirijiler nusgawy şahyrlaryň sözlerine ajaýyp türkmen kompozitorlarynyň döreden aýdymlaryny hödürlediler. Çykyşlaryň maksatnamasyna geçen ýyllaryň meşhur eserleri-de girizildi. Olarda häzirki zaman äheňleri, gadymy halk mukamlary sazlaşykly utgaşdy.
Aýdym-saz baýramçylygy tamamlanandan soňra, bäsleşigiň jeminiň jemlenilmegi we ýeňijileriň yglan edilmegi iň tolgundyryjy pursat boldy. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda 7 sany ýeňijiniň ady yglan edildi. Olar ýörite diplomlara hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyryna mynasyp boldular. Şeýle-de bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
