Aşgabatda temmäkä garşy göreşmek boýunça ýaşlar üçin niýetlenen okuw maslahaty geçirildi

MilliInfo

8 sagat öň

Bütindünýä temmäkisiz günüň öňüsyrasynda Aşgabatda «Temmäkisiz nesil: ýaşlar üýtgeşmeleriň hereketlendiriji güýji hökmünde» atly interaktiw (özara täsirli) maslahat geçirildi. Çäre 2026-njy ýylyň ählumumy meselesine — temmäki senagatynyň ýaş nesle gönükdirilen mahabat mekirliklerine garşy durmak meselesine bagyşlandy.

Maslahata Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň «Youth4Health» ýaşlar toruna agza bolan talyplary gatnaşdylar. Guramaçylar adaty umumy sakaplaryň ornuna interaktiw usuly ulandylar: toparlaýyn işler, çekişmeler we keşpleri janlandyrmak arkaly geljekki lukmanlar stress hem-de jemgyýetçilik gysyşy ýaly ýaramaz endiklere eltýän sebäpleri seljerdiler.

Işiň amaly böleginde toparlar sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen, özbaşdak kiçi kampaniýalaryny, şol sanda şygarlary we deň-duşlary üçin aragatnaşyk strategiýalaryny işläp düzdüler. Guramaçylar ýaşlaryň diňe bir diňleýji bolman, eýsem jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda işeňňir öňbaşçylar bolmalydygyny aýratyn bellediler. Bu başlangyç talyplaryň tekliplerini we pikirlerini öwrenmäge mümkinçilik berdi, olar bolsa geljekde Türkmenistanda temmäkä garşy döwlet strategiýalaryny işläp düzmekde peýdalanylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info