Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we «Run Rush» ylgaw jemgyýetiniň goldawy bilen Aşgabatda «Dostlyk ganatlary» ylgawy: ÝB x Türkmenistan» atly köpçülikleýin sport çäresini gurady. Ýewropa güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň çäginde we Bütindünýä saglyk güni bilen bagly çäre bellige alnan 650-den gowrak gatnaşyjyny joşgunly hem inklýuziw atmosferada bir ýere jemledi.
2025-nji ýylda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak marafony» çäresiniň üstünlikli tejribesine daýanmak bilen, 2026-njy ýylyň ylgaw bäsleşigi bu oňyn däbi täzelenen formatda dowam etdirdi. Ol sport hem-de jemgyýetiň işjeň gatnaşmagy arkaly Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrdy.
Ýewropa Bileleşigi üçin sport diňe bir fiziki işjeňlik däl, eýsem, umumy gymmatlyklary öňe sürmek üçin netijeli guraldyr. Ol toparlaýyn işi, tertip-düzgüni, hormaty we gaýduwsyzlygy ösdürýär. Bular bolsa güýçli we inklýuziw jemgyýetler üçin möhüm häsiýetlerdir. «Dostluk ganatlary» ylgawy ýaly çäreler sportuň dürli jemgyýet toparlaryndan bolan adamlary bir ýere jemläp bilýändigini we has sagdyn jemgyýetleri döretmäge ruhlandyrýandygyny görkezýär.
Ylgaw ähli ýaşdaky we dürli taýýarlyk derejesindäki gatnaşyjylara niýetlenen üç aralyk derejesini öz içine aldy we Aşgabat şäheriniň merkezi böleginde ýerleşýän Garaşsyzlyk seýilgähinde geçirildi. Gatnaşyjylar şol ýerdäki ýoda boýunça hereket etdiler:
2 km: çagalar, ene-atalar we täze başlanlar üçin maşgala görnüşli ylgaw
Inklýuziw ylgaw
5 km: höwesjeň ylgawçylar üçin
10 km: tejribeli we hünärmen gatnaşyjylar üçin
Çäre resmi açylyş dabarasy bilen başlandy. Toparlaýyn gyzdyrylyş maşklaryndan soň ylgawlara tapgyrlaýyn badalga berildi. Ylgawlardan başga-da, gatnaşyjylar we myhmanlar dürli dynç alyş we maşgala üçin niýetlenen çärelerden lezzet aldylar. Bu bolsa joşgunly baýramçylyk atmosferasyny döretdi.
Pellehana ýeten gatnaşyjylaryň hemmesine ýadygärlik medallary gowşuryldy, her bir derejäniň ýeňijileri bolsa hemaýatkärlerimiz tarapyndan berlen ýörite baýraklar bilen sylaglandy.
«Dostluk ganatlary» ylgawy: ÝBxTürkmenistan» sagdyn durmuş ýörelgesini, dostluk ýaly umumy gymmatlyklary öňe sürmek arkaly ÝB bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň iş ýüzündäki beýany bolup dabaralandy.