«Swacchata Hi Seva Campaign-2026» («Arassalyk — bu gullukdyr / hyzmatdyr») atly kampaniýanyň çäklerinde Hindistanyň ilçihanasy Aşgabat şäheriniň Olimpiýa sport toplumynda 3 kilometrlik «Viksit Bharat» ylgawyny gurady. Ilçi Bandaru Wilsonbabu tarapyndan açylan bu çäre Türkmenistandaky hindi raýatlaryny we Hindistanyň dostlaryny bir ýere jemledi.
Ylgaw tamamlanandan soň, ilçi erkekleriň we zenanlaryň arasynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri medallar we Hormat hatlary bilen sylaglady. Dabaraly bölek Hindistanyň garaşsyzlygynyň 100 ýyllyk şanly toýuny bellejek ýyly bolan 2047-nji ýyla çenli ýurdy ösen döwlete öwürmäge ýardam etmäge çagyrýan «Viksit Bharat Pledge» ähtnamasyny kabul etmegi öz içine aldy. Sport çäresi däp bolan hindi tagamlarynyň hödür-kerem edilmegi bilen tamamlandy.
Mahatma Gandiniň doglan gününiň 157 ýyllygyna bagyşlanyp guralan bu ylgaw iki döwletiň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny aýratyn nygtady. «Giňeldilen goňşy» konsepsiýasyna hem-de «Vasudhaiva Kutumbakam» («Bütin dünýä — bir maşgala») pelsepesine daýanyp, Hindistan Türkmenistanyň milli bähbitlerini we ileri tutýan ugurlaryny nazara almak bilen, geljekde hem öz tejribesini paýlaşmagy maksat edinýär.
