Şu gün — 7-nji ýanwarda «Aşgabat» köpugurly stadionynda 2014 – 2015-nji ýyllarda doglan çagalaryň gatnaşmagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu festiwala 150-ä golaý ýaş futbolçy gatnaşdy. Bu barada TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.
Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite guralan türgenleşik çärelerine hem-de dürli ugurlardaky bäsleşiklere işjeň gatnaşdylar. Şeýle-de, kiçi meýdançalarda ýoldaşlyk duşuşyklary geçirildi. Ýaş futbolçylaryň guralan ähli ýaryşlara uly höwes bilen gatnaşandyklaryny aýratyn bellemek gerek.
Festiwalyň esasy maksady Türkmenistanda futbolyň meşhurlygyny ýokarlandyrmakdan hem-de ýaş nesli sporta çekmekden ybarat boldy. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan futbol toplary sowgat hökmünde gowşuryldy.