Aşgabat şäherinde Maliýe hyzmatlarynyň ikinji festiwaly — «FinFest Turkmenistan 2026» geçirildi. Bu giň gerimli bilim we pikir alyşma meýdançasy banklary, ätiýaçlandyryş kompaniýalaryny, IT-pudagynyň wekillerini, halkara guramalaryny, telekeçileri we giň jemgyýetçiligi birleşdirip, umumy maksada — Türkmenistanda maliýe medeniýetini gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwürmek meselesine gönükdirildi.
Çäräniň guramaçylary «Durnukly Maliýe Merkezi» we «Açyk ýürek» hojalyk jemgyýetleri bolup, Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesiniň goldanmagynda geçirildi. Bu ýylky festiwal täze derejä çykaryldy: maksatnama dinamiki hyzmatdaşlyk ekoulgamy hökmünde guralyp, panel sessiýalar, «Açyk mikrofon» sessiýalary, amaly çykyşlar we şahsy maslahatlar bilen utgaşdyryldy. Maliýe ýarmarkasy bolsa kompaniýalar bilen gatnaşyjylaryň arasynda göni aragatnaşyk nokady bolup, gatnaşyjylara häzirki zaman maliýe önümleri we çözgütleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Festiwalyň esasy temalary häzirki zaman maliýe bazarynyň möhüm ugurlaryny öz içine aldy: bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy, biznesi maliýeleşdirmegiň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, gymmatly kagyzlar bazarynyň ösüşi, ätiýaçlandyryş we töwekgelçilikleri dolandyrmak. Şeýle hem maksatnamada durnukly ösüşe we ESG ýörelgelere aýratyn orun eýeledi, bu bolsa maliýe ulgamlarynyň global ösüş tendensiýalaryny görkezýär.
Festiwala halkara we sebit derejesindäki bilermenleriň çykyşlary aýratyn gymmatlyk goşdy. Panel diskussiýalaryň çäklerinde maliýe ulgamlaryny we institusional gurşawy ösdürmegiň amaly çemeleşmeleri görkezildi. Hususan-da, halkara guramalarynyň bilermeni Maksаt Keşiýew durnukly maliýe ekoulgamlarynyň emele gelşi baradaky tejribesini paýlaşyp, ulgamlaýyn özgertmeleriň we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi.
«Ernst&Young» kompaniýasynyň wekili Ruslan Sadgalin tarapyndan geçirilen onlaýn çykyş ýaşyl maliýe we ESG-özgertmelerine bagyşlandy. Bu ugur sebit üçin täze bolsa-da, strategiki taýdan möhüm hasaplanýar. Ol ESG çemeleşmeleriniň ornaşdyrylmagynyň halkara maliýeleşdiriş mümkinçiliklerini açýandygyny we ykdysadyýetiň maýa goýum çekijiligini ýokarlandyrýandygyny nygtady.
Maýa goýum bazarynyň amaly taraplary bolsa Güljanat Sarenowanyň çykyşynda beýan edilip, häzirki zaman maliýe gurallaryny, şol sanda ileri tutulýan maliýeleşdiriş usullaryny görkezdi. Ol biznes üçin täze maliýeleşdiriş mehanizmleriniň ösdürilmeginiň möhümdigini aýratyn belledi.
Festiwalyň iň täsirli bölekleriniň biri çagalar üçin maliýe sowatlylygynyň interaktiw zolagy boldy. Bu ýerde çagalar oýun we amaly tabşyryklar arkaly şahsy maliýe dolandyryşynyň esasy ýörelgeleri, bank önümleri we maliýe jogapkärçiligi bilen tanyşdylar. Bu bolsa guramaçylaryň uzak möhletli çemeleşmesini görkezýär.
Çäräniň giň gerimli gatnaşyjy topary — okuwçylardan we talyplardan başlap, telekeçilere, maliýe hünärmenlerine hem halkara guramalara çenli hemmeler «FinFest-iň» açyk milli dialog meýdançasy hökmünde ornuny tassyklaýar.
«FinFest Turkmenistan 2026» maliýe bazarynyň ösüşiniň diňe maliýe sowatlylygynyň ýokarlanmagy, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we durnukly hünär jemgyýetleriniň döredilmegi arkaly mümkin bolýandygyny görkezdi. Festiwal maliýe bazarynyň gatnaşyjylaryny birleşdirýän we onuň uzak möhletli ösüş ugruny kesgitleýän möhüm platforma hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.