Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Köpetdag» sport toplumynyň «Köpetdag» futzal klubunyň bilelikde guramagynda ýaş futbolçylaryň gatnaşmagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi.
Paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda geçirilen festiwala ýaş futbolçylaryň ençemesi gatnaşdy. Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite taýýarlanan türgenleşik çärelerinde hem-de dürli ugurlardaky bäsleşiklerde işjeň çykyş etdiler. Şeýle-de kiçi meýdançalarda ýoldaşlyk duşuşyklary geçirildi. Ýaş futbolçylaryň bu ýerde guralan ähli ýaryşlara uly höwes bilen gatnaşandyklaryny aýratyn bellemek gerek.
Festiwalyň esasy maksady Türkmenistanda futbolyň meşhurlygyny artdyrmakdan hem-de ýaş nesli sporta çekmekden ybaratdyr. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan futbol toplary sowgat edildi.
Ýakynda şeýle futbol festiwalynyň Geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de «Olimp» orta sport mekdepleriniň futbol meýdanlarynda-da guralandygyny ýatladýarys.