Aşgabatda «Ölmez-ýitmez polk» çäresi geçirildi

MilliInfo

1 sagat öň

Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň binasynda nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň we pederleriň gahrymançylygyna bolan çuňňur sarpanyň nyşanyna öwrülen «Ölmez-ýitmez polk» atly giň gerimli çäre geçirildi.

Çäräniň hormatly myhmany Beýik Watançylyk urşunyň weterany, golaýda özüniň ýüz ýyllyk ýubileýini bellän Sergeý Tewosowiç Agamýan boldy.

Ol Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin, diplomatlar, mugallymlar we okuwçylar bilen bilelikde parahatçylygy we azatlygy gorap saklan gahrymanlary hatyralady.

Ýörişe gatnaşyjylar özleriniň frontçy we tylyň zähmetkeşleri bolan ýakynlarynyň suratlaryny buýsanç bilen göterdiler. Olar bu ýatlama çäresini hiç bir gahrymançylygyň unudylmajakdygynyň we Beýik Ýeňşiň taryhynyň her bir maşgalanyň kalbynda ýaşamagyny dowam edýändiginiň janly subutnamasyna öwürdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info