Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Ekologiýa abadançylygy — eşretli ertiriň kepili» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň başynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we halkyň saglygyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ähmiýeti barada durlup geçildi. Bu barada «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Çäräniň dowamynda professor-mugallymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda ylmy çykyşlara hem giň orun berildi. Hususan-da, ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmekde ekologiki taýdan arassa we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti barada çykyş edildi. Şeýle hem ekologiýa abadançylygynyň adamzat geljeginiň binýady hökmündäki orny nygtaldy. Bulardan başga-da, dürli ekologiýa şertlerinde iýmitlenmegiň aýratynlyklaryna hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerine üns çekildi. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hünärmeni maslahatyň dowamynda galyndylary gaýtadan işlemek, şäherleriň arassaçylygy we durnukly ösüş meseleleri babatda halkara tejribeleri paýlaşdy. Maslahatyň işine «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň başlygy hem gatnaşyp, ol öz çykyşynda arassa tebigatyň sagdyn beden üçin zerurdygyny nygtady. Guramanyň taýýarlamagynda görkezilen wideoşekiller bolsa terbiýeçilik taýdan möhüm ähmiýete eýe boldy.
Çäräniň dowamynda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleri bilen talyp ýaşlaryň arasynda gyzykly sowal-jogap alşygy hem guraldy. Şunda özleriniň işjeňligini we çuňňur bilimlerini görkezen talyplara gurama tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen alyp barýan netijeli we köptaraply hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlygyň nyşany hökmünde dabaraly ýagdaýda Hormat haty gowşuryldy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar bolsa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu çäre talyp ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň we tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmegiň bitewüligini üpjün etmäge gönükdirilen ähmiýetli waka öwrüldi.