20-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynda her ýyl geçirilýän Roždestwo kitap ýarmarkasyny guraldy.
Çärä Aşgabadyň meşhur kitap dükanlary gatnaşyp, olar öz neşirlerini tematiki taýdan bezelen diwarlyklarda — sergi tekjelerinde hödürlediler. Baýramçylyk gurşawynyň üstüni janly nusgawy saz we baýramçylyk tagamlarydyr nygmatlary ýetirdi.
Ýarmarkanyň myhmanlaryna edebiýatyň köpdürli görnüşleri: çeper eserler, okuw we aň-bilim taýdan ösdüriji materiallar, şeýle hem dürli ýaşdaky çagalar üçin kitaplar hödürlendi. Maksatnamanyň esasy bölekleriniň biri-de kitap alyş-çalyş meýdançasy bolup, bu ýerde gatnaşyjylar kitaplardan we okan eserlerinden alan täsirlerini paýlaşdylar.

Ýaş myhmanlar üçin döredijilik sapaklary we dürli işjeň oýunlar guraldy. Santa Klausyň peýda bolmagy hem-de «Santa hat» atly interaktiw meýdança çagalarda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guralan bu ýarmarka kitap okamak medeniýetini wagyz etmäge we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirildi.