Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi

MilliInfo

1 sagat öň

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi. Maslahat dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini hem-de olaryň ata Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere, gazanylýan uly ösüşlere, beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesine tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny aýdyň görkezdi.

...Ir bilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasynyň ýanyna geldiler. Olar eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň nyşany bolan we paýtagtymyzyň iň naýbaşy binalarynyň biri hasaplanýan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Soňra çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezine geldiler. Bu ýerde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatynyň işi başlanmazdan ozal, olar merkeziň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar.

Şondan soň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň baý medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny, taryhyny, häzirki döwürde gazananlaryny wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine aýratyn orun degişlidir. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bellenilýän ýylda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň döredilmegine hem 35 ýyl doldy. Şu geçen döwürde birleşik Zeminiň çar künjeginde ýaşaýan doganlarymyzy bir saçagyň başyna jemläp, Watanymyzyň ösüşlerini dünýä ýaýmak, ykdysady, medeni, ylym, bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, telekeçilik ýaly ulgamlarda gatnaşyklarymyzy ösdürmek, maddy we ruhy mirasymyzy baýlaşdyrmak ugrunda netijeli işleri alyp barýar.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň netijeleri we türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda dünýä türkmenleriniň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň gün tertibindäki meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi.

Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyzystandan, Owganystandan, Germaniýadan, Eýrandan gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurt bölümleriniň işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Olar her gezek Türkmenistana gelenlerinde haýran galdyrýan ösüşleri görüp, muňa örän buýsanýandyklaryny, Garaşsyzlygyň diňe bir ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabady däl, eýsem, tutuş türkmen topragyny tanalmaz derejede özgerdendigini nygtadylar.

Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işjeň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Maslahat tamamlanandan soň, bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info