26-njy we 28-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy ilat we ösüş meseleleri boýunça hökümetleriň arasynda geçirilýän BMG-niň 14-nji barlagyna seretmek, ony doldurmak we resmi tabşyrmaga taýýarlamak işinde Türkmenistanyň Hökümetine tehniki goldaw bermek üçin iş duşuşyklarynyň birnäçesini gurady. Aşgabatdaky BMG-niň binasynda geçirilen iş maslahatlaryna Türkmenistanyň esasy milli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ilat we ösüş meseleleri boýunça hökümetleriň arasyndaky BMG-niň sowalnamasy Baş Assambleýanyň mandatyna laýyklykda, 1963-nji ýyldan bäri BMG-niň Sekretariaty tarapyndan yzygiderli geçirilip gelinýär. Ol 1994-nji ýyldaky Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň (ICPD) Hereketler maksatnamasynyň çäklerinde milli demografik strategiýalar, syýasatlar we maksatnamalar barada deňeşdirip boljak maglumatlary ýygnamak we ýaýratmak üçin esasy ählumumy gural bolup hyzmat edýär. Ýygnalan maglumatlar Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekde gazanylýan ösüşe ählumumy gözegçilik (monitoring) etmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir.
Tehniki sessiýalaryň dowamynda gatnaşyjylar 14-nji barlagyň gurluşyny düzýän dört sany mowzuklaýyn moduly doldurmak üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny we amaly maglumatlary jikme-jik öwrendiler:
Birinji modul demografik meýilleri, pensiýa kanunçylygyny we sagdyn garrylygy goldamaga gönükdirilen çäreleri öz içine aldy.
Ikinji modul ilatyň çäk boýunça ýerleşdirilişi, oba ýerleriniň ösüşi, urbanizasiýa (şäherleşme) we betbagtçylyk töwekgelçiliklerini azaltmak meselelerine bagyşlandy.
Üçünji modul dogumlylyk, enäniň saglygy, häzirki zaman göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň elýeterliligi we reproduktiw saglyk meselelerini öz içine aldy.
Dördünji modul halkara migrasiýany dolandyrmak mehanizmlerini, migrantlaryň hukuklaryny goramagy we adam söwdasyna garşy göreşmegi özünde jemledi.
Geçirilen maslahatlar pudakara çemeleşmäni kemala getirmäge we doldurylan sowalnamalaryň ylalaşylan taslamalaryny taýýarlamaga mümkinçilik berdi. Bu resminamalar soňra Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan resmi taýdan ylalaşylar we BMG-niň Sekretariatyna tabşyrylar.
