Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary işler ministrleriniň gepleşikleri, şeýle hem syýasy geňeşmeler geçirildi

MilliInfo
Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary işler ministrleriniň gepleşikleri, şeýle hem syýasy geňeşmeler geçirildi

1-nji iýulda Türkmenistanyň Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabat şäherine resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ministrler döwletleriň Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşykly dialogyň we özara syýasy erkiň netijesinde türkmen-gazak gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösüşiniň yzygiderli dowam edýändigini bellediler. Diplomatlar ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň gidişini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berdiler. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirmegiň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmäge özara taýýarlyk beýan edildi. Sebit we halkara gün tertibine garamak bilen, daşary işler ministrleri Türkmenistanyň we Gazagystanyň başlangyçlaryny hem-de tekliplerini BMG-niň we beýleki abraýly halkara meýdançalaryň çäklerinde özara goldamak tejribesine ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine geçmek bilen, taraplar ulag-logistika, energetika we senagat ugurlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Özara söwda dolanyşygynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynda we maýa goýum işjeňliginiň höweslendirilmeginde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň utgaşdyryjy orny aýratyn nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda däp bolan gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplaryň köpugurly döwletara dialogy hemmetaraplaýyn giňeltmäge gönükdirilendigi tassyklandy.

***

Mundan başga-da, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Diplomatlar hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna syn berdiler.

Syýasy-diplomatik ugur boýunça taraplar iki döwletiň Baştutanlary tarapyndan kesgitlenýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini bellediler. Jemgyýetçilik diplomatiýasynyň möhüm guraly hökmünde parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Ministrler garaýyşlary dessin utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän yzygiderli daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeler mehanizmine ýokary baha berdiler.

***

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu resminama ministrlikleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ulgamlaşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny berkitmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministrine Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Merkezi Aziýany XXI asyrda ösdürmek maksady bilen, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasyny, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky Şertnama gowşuryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info